29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi. Bu barada TDH habar berýär.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr. Eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Gülşat Joraýewa,
Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler