ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNI

        Bilşimiz ýaly, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny Ýaşulularyň halkara güni diýip yglan etdi. Soňky ýyllarda bu baýram Türkmenistanda hem döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.

             Gözbaşyny gadymdan alyp gelýän ýaşulularymyza hormat goýmak däbi häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek, pensiýalaryň ýyl-ýyldan ýokarlandyrylyp durulmagy, galy berse-de il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşuly neslimize «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirýär.

           Bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli hözirini görýän il sylagly ýaşulularymyz agtyk-çowluklarynyň arasynda sagdynlygyň, paýhaslylygyň janlymekdebi bolup bagtyýar durmuşda ýaşap ýörler.

           Ata Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, pederlerimize sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, zähmet söýer, belent ahlakly ýaşulylarymyz nesillerimiziň her biriniň durmuşynda uly mekdepdir.

Izzetulla Hamraýew,
Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk
institutynyň Binagärlik hünäriniň
3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok