Öwezberdi Sabyrow bilen göni ýaýlymda pajygaly wakany gürrüň berdi

Ýadyňyzda bolsa, Türkmenistanly talybyň Permdäki pajygaly ýagdaýda 20-den gowrak adamy halas edenligi barada habar beripdik.

“InAshgabat” redaksiýasy wakakanyň bolan güni edermenlik görkezen Öwezberdi Sabyrow bilen “Instagram” arkaly göni ýaýlymda pajygaly wakanyň bolan güni barada gürrüňdeşlik geçirdi.  Öwezberdi bolan waka barada ähli zady “InAshgabat” redaksiýasyna jikme-jik gürreň berdi. Ýagny, Öwezberdi:

“- Ýaragly atyşygy guran şahs ýokary okuw mekdebiniň öz talyby, ol şuňa meňzeş degismeleri etmegi gowy görýärdi. Wakadan bir gün öň hem ol “VKontakte” hasabynda zyýanly serişdeleri ulanýanlary öldürjekligi barada post paýlaşdy. Biz muňa üns hem bermedik. Ol gödek degişmeleri köp ederdi. Wakanyň bolan güni hem ol eli ýaragly okuwyň esasy binasyna gelip öňünden çykany atmaga başlady. Biz edil şol wagt sapaklara girmäge taýýarlyk görýärdik. Ol okuwa gelen badyna okuwyň goragçysy ýaralady. Köpler ýaragly gelen şahsy wideo almaga wagt aýyrýarka, men haýal etmän binany terk etmeli diýen karara geldim we gyssagly çykalga gözlemegiň zerurdygyna düşündim. Ondan soň golaýdakylaryň hemmesini alyp, adatdan daşary ýagdaýlarda çykalga gapysyna tarap ugradym we şol ýerden çykdym. Men wagt ýitirmän okuwyň çäginden çykyp ýolda duran polisiýa işgärine habar berdim.” – diýip gürreň berdi.

Öwezberdi Sabyrow 1998 ýylda Daşoguz welaýatynyň, Görogly (ozalky Tagta) etrabynda daýhan maşgalada doglan. Maşgalada 5 dogan.

2016-njy yylda Görogly etrabyndaky 63-nji orta mekdebi göreldeli tamamlap, 2016-njy yylyň noýabr ýyynda harby gulluga çagyrylýar. Watan borjuny hem göreldeli tamamlap, 10 gün rugsat sylagy bilen hem-de kiçi seržant we seržant derjelerine mynasyp bolýar.

Soňra 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Perm şäherindäki Perm Döwlet gözleg uniwersitetiniň Himiýa fakultetiniň, Farmaseftika bölümine okuwa girýär. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.

Şeýle-de okaň:

Türkmenistanly talyp Permdäki pajygaly ýagdaýda 20-den gowrak adamy halas etdi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok