Mekdep okuwçylary we talyplar «1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ähmiýeti» atly raýatsyzlyk mowzugy boýunça ikinji sebit bäsleşigine gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşik Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky milli uniwersiteti we Bosgunlar boýunça Merkezi Aziýa ulgamy bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň bosgunlar işi boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýadaky Müdirligi tarapyndan geçirilýär.
Şu ýyl raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň kabul edilmegine 60 ýyl dolýar. Bu senäni dabaraly we ýokary derejede bellemek maksady bilen, BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi halkara gatnaşyklary, halkara hukuk we adam hukuklary bilen gyzyklanýan ýaşlary bu Konwensiýanyň ähmiýeti we onuň häzirki döwürde wajyplygy baradaky öz esseleri, ylmy-barlag işleri bilen çykyş gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşige umumy bilim berýän mekdepleriň 7-11-nji synp okuwçylary, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
Okuwçylar we talyplar bäsleşigiň şertine laýyklykda «1961-nji ýylyň raýatsyzlyk hakyndaky Konwensiýasy nädip ýüze çykdy we ol raýatsyzlyk meselesi çözmäge nähili kömek edýär?», raýatlyk we raýatsyzlyk, onuň sebäpleri we netijeleri, şeýle hem raýatsyzlygy gowşatmak we azaltmak üçin, innowasion çözgütler, raýatsyz adamlary goramak temalary bilen baglanyşykly ylmy iş ýazmaly.
Bäsdeşlige hödürlenýän işler iňlis ýa-da rus dillerinde ýazylmaly. Işler 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Nuriýa TOLIBOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.
Teswirler