21-nji sentýabr – Halkara parahatçylyk güni

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 18 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltdi.

Diplomatlar hem-de syýasatçylar parahatçylygy we ynanyşmagy saklap galmaga, durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy jebisleşdirmäge gönükdirilen uly möçberli çäräniň ähmiýetini bellediler. Medeniýet ideýasy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mümkinçiligini halkara durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny saklap galmagyň bähbidine ulanmak pikiri çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçdi.

Ilçi Parahat Durdyýew ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlap amala aşyrýan çäreleri barada gürrüň berdi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýine gabatlanýan tematiki çäreler barada habar berdi. Çykyşyň dowamynda ýurdumyzyň BMG-nyň meýdançasynda durnukly ulag, energetika, ekologiýa ulgamlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýlay, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugruny amala aşyrýar, köpugurly oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga we onuň durmuş-ykdysady taýdan dikelmegine goşýan goşandy bellenildi. Şu jähtden TOPH we «Lýapis Lazuli» ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde diketlmek baradaky başlangyjy bilen Hytaýyň lideriniň «Guşaklar we Ýollar» başlagyjynyň ugurdaşlygy bellenildi.

Türkmenistanyň ilisiniň çykyşy wagty ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazananlary we daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki üstünlikleri barada wideoşekiller görkezildi.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileri uçurdylar, şeýle hem Parahatçylygyň simwoliki tohumyny ekdiler.

Festiwlayň çäklerinde ÝuNESKO-nyň howandarlygynda guralan «Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen» atly fotosuratlar bäsleşiginiň jemi jemlendi, Zenanlar bagty halkara forumyna badalga berildi, başga-da birnäçe çäre geçirildi. Baýramçylyk festiwaly modaly lybaslaryň we häzirkizaman dizaýnerlik sungatynyň ýeten derejesiniň görkezilişi bilen jemlendi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeke-täk döwlet ata Watanymyz Türkmenistandyr.

Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Tükmenistanyň Bitaraplygy – häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Hakykatda oňyn garaýyş esasynda, konstruktiw çözgütleriň gözlegine we durmuşa geçirilmegine gönükdirilen, ilerleýji häsiýetli, anyk hereketde bolan halkara gatnaşyklarynyň modelidir.

Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti: «Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi we üstünlikli amala aşyrýar.« diýip belleýär.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen dosluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň gülleýişli netijelerini berýär.

Milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe boldy. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna gabat gelýän ýol bolan Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi bir tarapdan daşarky howplardan gorap saklasa, ikinji bir tarapdan deňhukukly özara hormat goýujylykly, beýleki döwletleriň içerki syýasatlaryna gatyşmazlyk bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hiç-hili jedelli meseleleri ýok, ýurdumyz olar bilen hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalarynyň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bar. Mukaddes Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler edilip döwletimiz tanalmaz derejede özgerdi.

Indi 25 ýyl bäri türkmen topragynda Bitaraplyk güni – baýramy her ýyl dabaraly ýagdaýda şowhunly, şagalaňly bellenilýär. 

.

Çerkezow Merdan,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok