Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýar.

Ugradylan ynsanperwer kömegiň aglaba bölegi derman serişdeleri, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplary, zyýansyzlandyryjy serişdeler, dermanlyk erginler, gorag agyz-burun örtükleri, hirurgiki ellikler, koronawirus ýokanjynyň bejergisinde ulanylýan serişdeler hem-de dermanlar bolup durýar. Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasy Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň welaýat ýolbaşçylarynyň, şeýle-de ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok