Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Döwlet Rozymyradowiç Jumaýew – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok