“Çagalaryň gaýa festiwaly” geçirilýär

22-nji awgustda Aşgabatdaky “Älem” medeni we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň gaýa festiwaly”  geçirilýär. Bu festiwal “Agama” alpinist kluby tarapyndan gurnalýar. Festiwala 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli oglanlar we gyzlar, şeýle hem ene-atalary çagyrylýar.

Festiwalyň tertipnamasyna görä körpeler eminiň goragy bilen emeli daga çykarlar. Şonuň üçin amatly sport lybasyny we çalşyrgyç aýakgap alyp barmagy unutmaň. Festiwalda tapawutlananlar we gatnaşyjylar şahadatnama alarlar.

Üns beriň: Her bir ýaş gaýa çykyjy bu çäre üçin öňünden hasaba alynmalydyr. Muny +99365811355 belgili telefona jaň edip, amala aşyryp bilersiňiz. Şeýle hem, festiwala gatnaşyjylaryň ýanynda dogluş hakyndaky şahadatnasy (göçürmesi) bolmalydyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok