Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämide Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi.
Deňizdäki gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, Watan, gözel tebigat barada düzülen goşgulary aýtdylar.
Döwlet Baştutany agtyklaryna gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň berdi.
Teswirler