«Primakow okaýyşlary» halkara ylmy-bilermenler forumy geçirildi

Ýakynda Moskwa şäherinde VII «Primakow okaýyşlary» halkara ylmy-bilermenler forumy geçirildi. Çäre Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Ýe.M. Primakow adyndaky Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary instituynyň Halkara söwda merkezi we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglary institutynyň direktory Eldor Aripow Merkezi Aziýa döwletleri jebisleşme ugruny saýladylar diýip pikir edýär. Ol geçirilen forumda, «Häzirkizaman wehimleri» temasyndan çykyş etdi.

Eldor Aripow: – «dünýä syýasatynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýan esasy forumlaryň birinde Merkezi Aziýa aýratyn mejlisiň bagyşlanmagy sebitiň artýan ähmiýetine, oňa berilýän ünse şaýatlyk edýär» – diýip belläp geçdi. Bilermeniň aýtmagyna görä, sebit hyzmatdaşlygy babatda Merkezi Aziýa häzirki wagtda 5 ýyl mundan ozalkysyndan güýçli tapawutlanýar, ýylsaýyn sebit ýakynlygy artýar.

«Primakow okaýyşlary» halkara ylmy-bilermenler forumy 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän abraýly halkara forumlaryň biri bolup onda dünýä ykdysadyýetiniň, syýasatynyň we halkara howpsuzlygynyň has ýiti meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ogulşirin ATAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok