Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, türkmen wekiliýeti 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus gatnaşyklary netijeli we strategik häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen köpýyllyk iri we möhüm hyzmatdaşlygy amala aşyryp gelýär. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Russiýanyň ykdysady, ylmy we medeni hem-de ähmiýetli ulag merkezi bolan Sankt-Peterburg şäheri hem şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biridir.
Türkmen wekiliýetiniň ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine işjeň garaýşynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň giň gerimli halkara forumlara yzygiderli gatnaşmagynyň onuň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýändigini bellemelidiris.
Muhammetkuly KULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler