Garaşsyzlyk — garaşylan ykbalym

Mukaddeslik diýlende, ilki bilen, Watan, öý-ojak, maşgala ýaly bir suprada jemlenen düşünjeler hakydaňa gelýär. Şu mukaddesliklere çyrag bolýan esasy zat bolsa, halkyň garaşsyzlygy. «Garaşsyzlyk» diýen düşünjäniň çuňlugyna ata-babalarymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda eden arzuwy bilen baha bermek gerek.

Türkmen öňde-soňda abat we berkarar durmuş üçin göreşen halk. Watanymyzyň basyp öten ýoluny, amala aşyran taryhy işlerini hasaba alsak, bu günki erkinligimiziň, parahatlygymyzyň, Bitaraplyk derejämiziň, ýeten sepgitlerimiziň, ine, şol agyr we muşakgatly döwrüň öwezine berlendigini bilmegimiz gerek. Şeýle beýik derejäni hiç kim mesaňa diýip, eliňe getirip ýa-da ony gazananyňdan soň gorap bermeýär. Onuň üçin göreşmek, gadyryna ýetmek talap edilýär. Bir agza, bir başa garamak, bir Baýdagyň astynda bir maksada gulluk etmek nesibesi çeken türkmen halky bu günki gün bagtyýarlygyň şuglasyna çoýunýar.

Türkmen Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan beýik işler, ýetilen ösüşler asyrlara barabarlykdyr. Garaşsyzlyk — halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir. Türkmenistan hut Garaşsyz döwlet derejesine eýe bolandan soň, öz maksatlaryny, ýörelgelerini dünýä aýan etmäge mümkinçilik gazandy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen Türkmenistan daşary syýasatynda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik aldy. Döwletimiziň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş etmek ýaly belent ynsanperwer ýörelgeleri «Bitaraplyk» diýen sözde öz beýanyny tapdy. Garaşsyzlyk türkmen Bitaraplygyna berlen ak ýoldur, aýdyň maksatdyr. Garaşsyzlyk türkmen ylym-biliminiň hemmetaraplaýyn ösmegidir. Halkara guramalar, şol sanda dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmek boýunça toplumlaýyn çäreleri alyp barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Nesip bolsa, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçeris. Ata-babalarymyzyň arzuwlap ýeten Garaşsyzlygyna guwanmaga, buýsanmaga her birimiz haklydyrys.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok