Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi dostana gatnaşyklaryň möhüm serişdesi bolan daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Diliň jemgyýetçilik hyzmaty ynsan durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem, daşary ýurt dilini öwredýän hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.
Häzirki wagtda däp bolan usullardan başga-da, öwredilýän düşünjeleriň ýatda galyjylygyny, ähmiýetliligini üpjün etmek maksady bilen, dürli görnüşli innowasion tehnologiýalardan peýdalanylýar. Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň hem täze usullaryna daýanylýar. Sözlük goruny giňeltmek, söz düzümlerini we sözlemleri amaly öwretmek boýunça adaty türgenleşmelerden başga-da, her bir öwrenilýän tema degişli hereketli görkezmelerden (animasiýalardan), hereketli oýunlardan, dürli maglumatlardan peýdalanmak, sapakda öwrenijiniň hereketlerini has işjeňleşdirmek, mugallymyň işjeňliginden öwrenijiniň işjeňligini artdyrmak görnüşine geçilmegi daşary ýurt dillerini öwretmekdäki häzirki täze usulyýetleriň esaslarydyr.
Aýnabat ÝAZMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler