Türkmenistanyň we Ýewropa Birleşiginiň wekilleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Ýewropa Birleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň bilelikdäki başlangyjy bilen Sebiti ýolbaşçy komitetiniň kanunyň hemme zatdan ýokarylygy boýunça Merkezi Aziýa üçin maksatnamanyň netijeleri boýunça Birinji Mejlisi onlaýn geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Maksatnama Ýewropa Birleşigi bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk çäginde işlenip düzüldi we ol Ýewropa Geňeşi tarapyndan dört ýylyň dowamynda (2020 – 2023) amala aşyrylýar.

Maksatnamanyň üç sany esasy düzüm bölegi aşakdakylardyr:

•        Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda umumy kanun giňişligini döretmäge ýardam etmek we adam hukuklarynyň goragyny güýçlendirmek;

•        Ykdysady jenaýatlara garşy göreş çärelerine ýardam etmek;

•        Hökümet edaralarynyň we döwleti dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemeklerine ýardam etmek.

Ýewropa Birleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň bilelikdäki başlangyjy bilen Sebiti ýolbaşçy komitetiniň kanunyň hemme zatdan ýokarylygy boýunça Merkezi Aziýa üçin maksatnamanyň netijeleri boýunça Birinji Mejlisine Ýewropa Birleşiginiň Gazagystandaky Ilçisi Swen-Olow Karlsson we Ýewropa Geňeşiniň maksatnamalary boýunça Baş müdirliginiň edara direktory Werena Teýlor, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, şeýle hem Ýewropa Birleşiginiň we Ýewopa Geňeşiň resmi şahslary gatnaşdylar. Geçirilen çäräniň çäginde maksatnamanyň bir ýarym ýyllyk işiniň netijelerine garaldy.

Arslan HOJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok