Her ýyl dünýäde 50 milliondan gowrak welosiped öndürilýär

Her ýyl bütin dünýäde 50 milliondan gowrak welosiped öndürilýär, bu diýmek adamlaryň aglaba bölegi sport bilen meşgullanyp sagdyn durmuşý ýöretmekligi makul bilýärler. Eýsem welosipediň adam saglygy üçin peýdasy name? Onuň peýdasy örän gymmatlydyr: ol direg-hereketlendiriji apparatyna gowy täsir edýär hem-de wegetodamar distoniýasyny we damarlaryň warikoz giňelmegini bejerýär. Welosipediň pedallaryny aýlamaklyk bilen çanaklyk bilen aýagyň myşsalarynyň birwagtda hereket etmekligi amala aşyrylýar, bu bolsa, topugyň we baldyryň, garyn we bud myşsalaryny türgenleşdirýär.

Nähili geň bolsa hem, welosiped sürmeklik – uzakdan görmezligiň öňüni almaklygyň gowy bejergisidir. Haçanda siz welosipediň üstüne münip gezelenç edeniňizde, siz mydama ýoluňyza seredip, her tarapa gözüňizi aýlamaly bolýarsyňyz, hem-de sizden örän daşda ýerleşen zatlara üns berip başlaýarsyňyz. Göz myşsalary üçin mundan gowy türgenleşik sapagy hem ýokdur. Mundan başga hem, welosipedli gezelençler öz agramyndan artykmaç birnäçe kilogramy aýyrmak isleýänler üçin görkezmeleriň biridir. Sagatda 19-20 km tizlik bilen welosiped sürmeklik bilen siz 600 kilokaloriý ýakýarsyňyz. Üstesine-de welosipedli gezelençler bedende madda çalşygyny çaltlandyrýar, diýmek siz çalt horlanyp bilersiňiz. Eger siz bu babatynda has gowy netijeleri gazanmak isleseňiz, onda sport bilen meşgullanmaklygyň üstesine hökmany suratda dogry iýmitleniş düzgünlerini berjaý etmelisiňiz. Welosiped sürmeklik – bu diňe bir zähmet ýa-da bedene agram bermeklik däl, eýsem, bu dynç almak we şähdiňi açmakdyr. 

Welosipediň peýdasy barada birnäçe kitaplar we makalalar ýazylan, sebäbi biziň häzirki döwrümizde sport bilen meşgullanyp sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklyk diňe bir peýdaly bolman, eýsem bu nusga ýa-da görnüklilik hasaplanýar.

Serdar Baýsähetow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok