Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Ikinji parlament assambleýasy geçiriler

1-2-nji iýunda Yslamabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Ikinji parlament assambleýasy geçiriler. Bu geçiriljek duşuşyk «Sebit birligini gazanmak üçin, parlament hyzmatdaşlygyna ýardam»
(Promoting Parliamentary Partnership for Regional Integration) şygary astynda geçer. Forum sişenbe güni öz işine başlaýar. (YHG) agza ýurtlaryň Ikinji parlament assambleýasynda Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, YHG-niň Baş kätibi Hadi Süleýnmanpur, Pakistanyň Milli assambleýasynyň spikeri Asad Kaýsar çykyş ederler.

Foruma gatnaşyjylar sebitde zenanlaryň tutýan orny, COVID-19 pandemiýasynyň durnukly ösüşe täsiri, YHG agza ýurtlarda söwda itergi bermekde we turizmi ösdürmekde parlamentleriň orny ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýatladyp geçsek, Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredildi. 1992-nji ýylda ýene ýedi döwlet ýagny, Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegiztan ýaly döwletler goşuldy we bu guramanyň işi has-da güýçlendi. Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň mart aýyndan bäri, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna Türkmenistan başlyklyk edip gelýär.

Mähriban TEKEMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok