Daşoguz şypahanasy tomusa taýýar

Daşoguz şypahanasynyň çäklerinde düýpli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilerip şypahana tumus möwsimi üçin taýýarlyk işleri geçirilýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  gözel Diýarymyz şypahanalara, dynç alyş merkezlerine has hem baýlaşýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginiň ynsan saglygyna ýaramly täsir edýän tebigat gurşawynyň bardygy hakynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan melhemler mekany» atly kitabynda hem giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzyň jana şypaly, goýny sapaly döwrebap şypahanalary tomusky dynç alyş möwsüminde has-da gelim-gidimli bolýar.

Welaýatymyzyň çägindäki «Daşoguz» şypahanasynda hem häzirki günlerde tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlary kabul etmäge güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alynýar.

Adam saglygy jemgyýetiň uly baýlygy hasaplanýan gözel Diýarymyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde şypahananyň desgalarynda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işleri geçirildi. Dynç alyş möwsüminiň dowamynda hem arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleriniň gündelik berjaý ediliş kadalaryna talabalaýyk gözegçilik ediler. Şeýle hem her tapgyr tamamlanandan soň, şypahananyň çäklerinde düýpli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçiriler.

Şypahananyň lukmanlary, degişli hünärmenleri we işgärleri bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi hem-de olara COVID-19-a garşy sanjym edildi.

Şypahanada saglygyny dikeltmek isleýän raýatlaryň pasportynyň, ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamanyň hem-de test barlagyndan geçendigini görkezýän resminamasynyň bolmagy zerurdyr.

Şypahanada dynç alýan we saglygyny berkidýän raýatlaryň bedeniniň gyzgynyna yzygiderli gözegçilik etmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Naharhanalarda we aşhanalarda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, azyk önümleriň kada laýyk saklanylmagyna gözegçilik etmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Şypahananyň çägindäki howuzlaryň sanitariýa-epidemiologik ýagdaýy hem ünsden düşürilmez.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen çözgütlere laýyklykda, «Daşoguz» şypahanasynda bagtyýar raýatlarymyzyň rahat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Akja Jumabaýewa,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
9-njy çagalar bagynyň müdiri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok