Täze doglan çagalara Aşgabat we Merjen atlary dakyldy

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde ilkinji körpeje çagalar, Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň şeýle hem Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä indi. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna körpejeleriň ene-atalary oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakdylar.Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram.

Şanly wakanyň bellenilýän günlerinde doglan çagalaryň ene-atalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok