“Media Türkmen” hususy kärhanasy tarapyndan 2017-nji ýylda esaslandyrylan ýurdumyzdaky döwlete degişli bolmaýan ilkinji habar agentligi bolan, öz okyjylaryna ýurdumyzda we dünýäniň ähli künjeginde bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen rus we iňlis dillerinde täzelikleri ýetirip duran “Orient.tm” saýty Türkmenistan baradaky ähli habarlaryň jemlenen saýty bolan “Türkmenistan Habar” saýtyna goşulýar.
Täze formatda hereket edýän www.turkmenistanhabar.com saýtyna türkmen we iňlis dillerindäki ilkinji akylly sözlük “Makul Sözlük” (www.makulsozluk.com) hemaýatkäri bolup durýar we “Türkmenistan Habar” platformasy “InAshgabat” saýty, “Atavatan Türkmenistan” saýty, “Türkmen Gazet” saýty, “Türkmen Habar” saýty we “New Ashgabat” habarlar saýtlary bilen işjeň hyzmatdaşlykda işleýär.
“Türkmenistan Habar” saýtynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar barada ähli täzelikler jemlenip, ol 4 dilde, türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde hereket edýär. Okyjylar özlerini gyzyklandyrýan täzelikleri www.turkmenistanhabar.com saýtyna girip okap bilerler. Okyja saýlan habary gyzykly bolan ýagdaýynda habaryň dowamyny şol saýtyň çeşmesinden okap bilerler.
Ýakynda “Türkmenistan Habar” Platformasynyň Applikasiýasynyň hereket edip başlamagy bilen, saýtyň habarlary jemgyýetçilik torlarynyň üsti bilen täze okyjylara ýetiriler.
Saýt bilen habarlamak, şeýle-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin turkmenistanhabar@gmail.com elektron poçta salgysyna ýazyp bilersiňiz.
Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler