Saýtlardan söhbet açsak…

Internet web saýtlary häzirki wagtda biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzda hereket edýän web saýtlary diňe bir Türkmenistanda bolup geçýän wakalar bilen däl, eýsem, dünýä täzelikleri bile hem halkymyzyň ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiki ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçiligine açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygyny uly buýsanç bilen dünýä jemgyýetine ýetirmek, şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi esasynda:

Baş baýraga www.turkmenportal.com.tm web saýty;
Birinji orna  www.iirmfa.edu.tm web saýty;
Ikinji orna www.milligosun.gov.tm web saýty;
Üçünji orna www.ashgabat.in web saýty  – mynasyp hasaplanyldy.

Bizem ýurdumyzyň ösüşini yzygiderli wasp edýän, bäsleşikde ýeňiji bolan internet saýtlaryň agzybir döredijilik işgärlerine zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok