24-25-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergi we dizaýnerleriň binagärlik bäsleşigi geçiriler

“Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda” meýilnama laýyklykda, 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergi hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigi geçiriler.

Bu barada 14-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutany öňde boljak senäniň — Aşgabadyň 140 ýyllygynyň möhüm ähmiýetini belläp, şanly senä gabatlanan ähli çäreleri iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Ähli çäreler, ilkinji nobatda, “Ak şäherim Aşgabat” atly her ýyl geçirilýän köpugurly sergi giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklerini, paýtagtymyzy ýaşamak üçin dünýäniň iň owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işleri aýdyň görkezmelidir.

Durdymuhammet Baýmuhammedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok