Baýram namazy metjitlerde okalmaýar

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň InAshgabat portalyna beren habaryna görä bu ýyl Oraza baýramynyň aýyt namazy metjitlerde okalmaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny şu ýyl 13-nji maýda bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 13.07.2020 senede metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmeklikleri, zyýarathanalarda sadaka bermeklikleri,  zyýarat  etmeklikleri  çäklendirildi  hem-de  şol  toparyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 01.04.2021 seneden başlap tertibe laýyklykda metjitler we namazhanalar diňe 5 wagt namaz berjaý etmeklikleri üçin ybadata açyldy. Şol nukdaýnazardan ugur alyp bu ýyl metjitlerde Baýram namazynyň okalmaýandygyny raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär. Şeýle hem Baýram gününiň ruhunda raýatlaryň baýramçylygy öz maşgala agzalary bilen bellemekleri maslahat berilýär.

Bu wagtlaýyn çäklendirmeleriň agzybirligi pugtalandyrmak, milli ýörelgeleri we maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýetinden üzňe bolman, ýokanç keselleriň öňüni alyş çäresinden ybarat bolup, Yslam dininde adam saglygyna uly ähmiýet berilýändigi barada aladalardan esaslanýar, diýip Müftüligiň beýanynda maglumat berilýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Хезрет

Анык хабар учин Алла ялкасын! Ёгса, халка дегишли болан кадалашдырыжы хукук намалар хөкмүнде, не-хә ады агзалан топарың, не-де муфтилигин дегишли ресми хабарыны көпчүликлейин хабар бериш серишделеринден эшитдик/гөрдүк. (Белки олар гизлин гурамалардыр?!). Хорматлы редакция! Ене-де бир сорагы аныклап берсеңиз миннетдарлыгымызың чәги болмазды. Бу хем дашары юртларың ёкары окув жайларында окаян талыплара, оларын якын гарындашлары тарапындан, Түркменистаның милли пулуны АБШ-ның долларына дөвлет курсы боюнча конвертирләп угратмак догрусында херекет эдйән тертип хакындакы меселе. Чүнки, бу меселе хакында хем юрдумызың көпчүликлейин хабар бериш серишделеринде хабар болмады. Эгер-де мүмкин болса, хабарларыңызы херекет эдйән кадалашдырыжы хукук намаларың нусгасы билен тассыкласаңыз/беркитсеңиз хас говы болжак. Көп саг болуң! Ишиңизде үстүнлик!