Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar.
Arkadag Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Ata-Watanymyz, ak şäherimiz Aşgabat belent ösüşleri başdan geçirýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky maksady uly rowaçlyklara beslenip, gözel paýtagtymyzda kemala getirilen giň hem owadan köçeler, şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki binalardyr desgalar bu gün ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň guwanjyna öwrüldi. Ak mermerli gözel paýtagtymyzyň dürli maksatly gurluşyklary dünýäniň gazananlary, milli binagärçilik sungaty bilen sazlaşyp ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde Çandybil şaýolunyň ugrunda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalary açylyp ulanylmaga berildi. Bu gurlup ulanylmaga berilen banklaryň binalary özüniň bezeg taýdan owadanlygy, belentligi we bu ýerde gurlan beýleki binalar toplumlary bilen paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar.
Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar, döwrebap täze innowasion tehnologiýalara daýanýan, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrlandyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dürli görnüşli maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkara ülňülerine laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga berilen bu ajaýyp banklaryň binalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Goý, eziz Watanymyzy, merjen paýtagtymyzy ösüşleriň belent derejesine çykarýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bägül MUHAMMETGYLYJOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.
Teswirler