Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip atlandyrylýan paýtagtymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda günsaýyn pajarlap ösüp, global özgerişiň aýdyň ýolundan barýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabadyň gurluşyk-gurnama işlerine, binagärlik keşbine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, akylly jaýlaryň döredilmegi, merjen paýtagtymyzyň häzirki zaman dünýäsiniň global ösüşi bilen aýakdaş gidip, döwrebap özgerýändigini alamatlandyrýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda özüniň 140 ýaşyny doldurýan paýtagtymyz Aşgabadyň iň gülläp ösen döwri Garaşsyzlyk eýýamynyň Bagtyýarlyk zamanasydyr. Aşgabat döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzdaky kaşaň, göze gelüwli jaýlaryň, medeni dynç alyş merkezleriň, seýilgähleriň, giň şaýollaryň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň gerimi akylyňy haýran edýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi dünýä binagärçiliginiň kämil nusgasy we gadymy türkmen halkynyň ähli nesilleriniň mizemez, berk, erkin döwlet hakyndaky arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň nyşany hökmünde bütin dünýä özüni tanatdy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda merjen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn ösmegini, kämilleşmegini dowam edýär. Şu ýylyň başyndan bäri, paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiziň gatnaşmaklygynda birnäçe desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Ýaňy-ýakynda bolsa, ak şäherimiz Aşgabadyň ýubileý toýy we Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamaklyk, öwrenmeklik hem-de dünýä ýaýmaklyk maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar.
Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
Teswirler