Biologiýa ylmynda uly açyş: “Ýaşaýyşyň esasyny DNK we RNK däl-de, XNA düzýär”

Ýaponiýadaky alymlar topary ýaşaýşyň esasyny düzýän DNK we RNK däl-de ondan has wajyp aýratynlyklary bolan “XNA” atly nukleotid zynjyrlarynyň üstüni açdylar. “XNA” hatda RNK-nyň ýok wagtynda hem ýaşaýşyň esasyny düzüpdir.

Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetinde işleýän alymlar topary ýaşaýşyň emele gelşi barada gaty täsirli gözleg geçirdiler. Bu gözlegiň netijesinde, ýaşaýşyň gelip çykyşynyň DNK we RNK-dan öň bolup biljekdigi baradaky çaklamany orta atdy. Mundan başga-da, alymlar bu gelinen netijäni güýçli subutnamalar bilen goldaýarlar.

Alymlaryň pikirine görä, RNK-laryň esasyny “XNA” , başgaça aýdylanda “kseno nuklein kislotasy” düzýär. Ýaşaýyşyň gözbaşy bolsa hut şundan başlanýandygy öňe sürýärler.

Bägül MÄMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok