Itşynaslara ýörite atlar dakylar

 Türkmen alabaý itleriniň at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we seýislik sungatyny we itçilik pudagyny ösdürmekde, itleriň baş sanyny köpeltmekde uly işleri bitiren adamlara «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady dakylar.

«Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak belleniler.

Şeýle-de, türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk we kinologiýa ugry boýunça azyndan 10 ýyl birkemsiz zähmet çeken şeýle-de milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylar.

«Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak belleniler.

Bu hormatly atlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok