2-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, uniwersitetiň talyplary üçin “What is Artificial Intelligence? How AI is Becoming Reality” atly okuw seminary geçirildi.
Okuw seminary Günorta Koreýa Respublikasynyň Ulsan şäheriniň, Ulsan milli ylmy we tehnologiýasy institutynyň “Elektrik inženerligi, Kompýuter ylymlary we inženerligi” hünäriniň talyby Muhammetmyrat Ýarmatow tarapyndan alnyp baryldy.
Okuw seminaryň dowamynda “What is AI?”, “A Brief history of AI”, “Evolution of AI”, “Can Machines Think? Alan Turing Test” we “Future of AI” barada aýdyldy. Şeýle-de, “Machine Learning”, “Deep Learning” we “Quantum Computing” barada düşünje berildi.
Okuw seminary uniwersitetiň Inženerleriň gurnagy tarapyndan guralyp, oňa uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy we okuw seminary 80 minut dowam etdi.
Jahangir Aşirbaýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Inženerleriň gurnagynyň jogapkär mugallymy
Teswirler