Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 26-njy martda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Maksatnamanyň esasy maksady, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Bu möhüm ugruň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygynyň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almagyň, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamagyň, derman üpjünçiliginiň guralyny kämilleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine we ýaramaz endiklerden daşda durmagyna ugrukdyrýan öňüni alyş çärelerine möhüm üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Tyllagözel Nuryýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok