ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça bäsleşigini yglan edýär.
Bu barada www.yashlar.gov.tm giňişleýin habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bilimli ýaşlaryň ýüze çykmagy we olaryň döredijilik taýdan kämilliginiň artmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bäsleşik hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bäsleşigiň geçiş tertibi barada aýdanymyzda bolsa, oňa ýurdumyzyň ýokary ýa-da orta hünär mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini goramak, dikeltmek hem-de Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezýän makalalary taýýarlamaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «turkmen-youth@online.tm» elektron poçta bukjasyna «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýunyna çenli ugratmaly.
Hödürlenen işler guramaçy taraplardan düzülen eminler topary arkaly seljerilip, www.yashlar.gov.tm saýtynda we ýurdumyzyň “Nesil” gazetinde şöhlelendirilip bilner. «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyry «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 20-nji iýunynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Gylyç Gurbangylyjow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Şeýle-de okaň:
Ýaşlar guramada onlaýn kabulhana öz işine başlady
“Ýaş köňülleriň ganaty” ekranda görkezildi
Ýaşlar guramasynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Sergide ýeňiji bolan ýaşlar sylaglandy
Aşgabatly ýaş senetkärler bäsleşdi
El işleriniň sergisi geçirildi
Ýaşlar forumy täze formatda geçirildi
Ýaş alymlaryň sylaglandyryş dabarasy bir sagat giç başlady
Guramanyň täze başlygynyň öňünde täze wezipeler goýuldy
Teswirler