Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Senet – eliň altyn bilezigi” atly sergi bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.
Bäsleşige Aşgabat şäheriniň 14-30 ýaş aralygyndaky ýaşlary gatnaşdy.
Bäsleşikde ýaşlar milli el işleri, keşde, agaç önümleri, halyçylyk, tikinçilik işleri, taraçy, külällyk, zergärçilik, küýzegärçilik, we beýleki senet işleri sergilendi. Emin agzalary sergini gezip bahalandyrdy.
Netijede Aşgabat şäherinden 20 sany okuwçy we talyp ýaşlar döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
Jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriler.
Osman Muhyýew
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.
№ | A.F.A | Okaýan ýeri | Ugry |
1 | Garýagdyýewa Ogulnur | Türkmen döwlet maliýe institutynyň Hasap we audit fakultetiniň “Buhgalterçilik hasaba alnyş w audit” hünäriniň 3-nji ýyl talyby | Milli el işi keşde |
2 | Annaberdiýewa Aýsoltan Guwanjowna | Aşgabat şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji “A” synpynyň okuwçysy | Kädi surat çekmek |
3 | Köşiliýewa Arzygül | Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň mugallymy uly laborant | Kiçi kädili çekilen gurjak |
4 | Öwülýagulyýew Mekan | Halkara Nebit gaz uniwerstitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň talyby | Agaç okara |
5 | Omarowa Enejan | Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň halyçylyk bölüminiň 3-nji ýyl talyby | Ak şäherim Aşgabat |
6 | Abaýewa Nurana | Türkmen Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň halyçylyk bölüminiň 3-nji ýyl talyby | Bahar buşlukçysy |
7 | Şyhyýewa Gülnur | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň1-nji ýyl talyby | Keşde |
8 | Durdyýewa Mähri | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 2-nji ýyl talyby | Kürte |
9 | Joraýewa Gözel | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby | Tikin dizaýner işleri |
10 | Mämmetmyradowa Gülälek | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň Agranomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby | El halysy |
11 | Täşliýewa Gülnar | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby | Taraçy |
12 | Rozyýew Rozymyrat | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby | Kümüşçi |
13 | Mämmetjumaýewa Gunça | Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby | keramika |
14 | Meredow Ahmet | Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby | Zergärçilik |
15 | Allaberdiýewa Altyn | Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygy radiotehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby | El iş |
16 | Işangulyýewa Aýbölek | Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň metaly çeper bejermek hünäriniň 4-nji ýyl talyby | Zergärçilik |
17 | Käbäýewa Çemen | Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby | Zergärçilik |
18 | Hojaýewa Mähri | Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby | küýzegärçilik |
19 | Abdyýewa Arzygül | Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby | küýzegärçilik |
20 | Täçmämmedowa Oraztäç | Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby | küýzegärçilik |
Teswirler