“Ýaş köňülleriň ganaty” ekranda görkezildi

“Ýaşlyk” teleýaýlymynda ” Ýaş köňülleriň ganaty” atly filmiň ilkinji goýberlişi boldy.

Filmde dürli pudaklarda zähmet çekýän, bilim alýan, döredijilik we sport bilen gyzyklanýan ýaşlaryň ykballarynyň birleşýän nokady barada durmuş hekaýalary sahnalandyrylýar. Bu ykballary sataşdyrýan pursat Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňe saýlanan 30-a ýaşa çenli raýatlara berýän naýbaşy baýragy bolan Ýaşlar baýragynyň bahalandyryş ädimleri çeper filmde görkezilipdir.

Film “Oguzhan” adyndaky Türkmenfil birleşigi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýazga alyndy.

Merdan Ataýew
TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok