Ýaş alymlaryň sylaglandyryş dabarasy bir sagat giç başlady

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine baýrak gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabara meýilleşdirlenden wagtyndan bir sagat giç başlady. Ýagny 16:00-da başlamaly çäre 17:00-da başlady. Munuň sebäbi bolsa Aşgabada halkara maslahata gatnaşmaga gelen 22 ýurduň wekilleri bolan professor mugallymlarynyň gelmegine garaşyldy.

Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilýän halkara maslahat garaşylan möhletinden artyk dowam edenligi sebäpli myhmanlar eglenmeli boldular.

Sylaglandyryş dabarasynda sylaglanan ylmy işleri ýeňijileri has öň kesgitlendi. Ylmy sergi 2019-nji ýylyň 10-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Bilermen emin agzalary sergini aýlanyp baha berdiler.

Sylaglandyryş dabarasynda ýeňiji taslamalar hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Ýaş alymlar
Ýaş alymlar

«Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslama bäsleşigini TMÝG-nyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde her ýyl gurnalýar.

Bäsleşigiň umumy Düzgünnamasy we geçiş tertibi Nesil gazeti (16.04.2019 sany) we TMÝG-nyň resmi saýtynda mälim edilipdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok