Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr.
Şeýle hem iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamyndan bäri birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan ýola goýlan umumylygy binýadynda duran ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Daşkent şäherinde türkmen halkynyň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçäniň we akyldar şahyryň heýkeliniň hem-de “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy baky dostlugyň, agzybirligiň hem-de halklaryň medeni taýdan ýakynlygynyň aýdyň nyşanydyr.
Öz nobatynda, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýy köçesi bolup, “Ylham” seýilgähinde onuň ýadygärligi oturdyldy.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdylar. Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabatda “Daşkent” diýen at bilen seýilgähiň guruljakdygyny belledi.
TDH
Teswirler