Saglygymyzy goralyň!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jemgyýetimiziň sagdyn-durmuş ýörelgelerine uly üns berilmegi, ýurdumyzda saglyk durmuş maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan wagyz-nesihat çäresiniň nesil saglygynda uly ähmiýetiniň bardygy hakykat. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda professor mugalymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Medisina ekologiýasy we gigiýena” hem-de “Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa” kafedrasynyň  halypa mugallymlary Jumadurdy Annaýewiň, Merjen Berdiýewanyň gatnaşmagynda “Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny talabalaýyk berjaý etmekligiň adamyň durmuşynda tutýan orny we ähmiýeti” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda halypa mugallym Jumadurdy Annaýew öz çykyşynda ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny gorap saklamakda, olaryň saglygyny berkitmekde toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleriniň gurlup ulanylmaga berlip, düýpli işleriň alnyp barylýandygy barada jikme-jik belläp geçdi. Şeýle-de adamyň saglygyna howp salýan zyýanly endiklerden daşda durmak barada özüniň degerli maslahaty bilen giňişleýin beýan etdi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda lukman mugallym  Merjen Berdiýewanyň çykyş etmeginde  dowam etdi. Öz çykyşynda nesil dowamatynyň saglygy barada alada etmeklik, biziň ýurdumyzda esasy meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. Lukman mugallym:  “Sagdyn nesil döwletimiziň berk sütünidir” diýmek bilen, adamlaryň sagdynlygy birnäçe daşky täsirlere bagly bolup durýandygyny nygtady. Ýagny,  ekologiýa abadançylygy, fiziki işjeňligi, sosial gurşawy sagdyn iýmitlenmegidir.

Sagdyn iýmitlenmek adam ömrüniň dowamynda saglygyna täsir edýän esasy görkezijileriniň biridir. Sagdyn iýmitlenmek adamynyň kadaly ösmekligini we kämilleşmekligini, durmuş dowamlygyna alyp barmaklyga hem-de saglygyny berkitmeklige, keselleriň öňüni almaklyga ýardam berýän iýmit önümleri bilen iýmitlenmek hadysasyna aýdylýandygy barada belledi. Şeýle-de iýmit önümleriniň birnäçesiniň ynsan saglygyny berkitmekde ýerine ýetirýän funksiýasy bilen birin-birin tanyşdyryp geçdi. Duşuşygyň dowamynda sagdynlygyň ýokary derejä ýetmegiň möhüm ýoly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamakdadyr diýip bellenmek bilen, jemgyýetimiziň saglygy üçin  giň gerimli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize  hoşallyk sözleri aýdyldy. Ynsan saglygyny ýokary derejä goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutuýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. 

.

 Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok