“Akylly öý” näme diýmek?

Ähli pudaklaryň sanly ulgama geçmegi bilen bir hatarda türkmenistanlylaryň durmuşyna täze bir aňlatma, ýagny “akylly öý” diýen düşünje girip başlady. Iňlis dilinde Smart House diýip atlandyrylýan bu aňlatma, ulgam näme aňladýar?

Bu ulgam – enjamlar we programma üpjünçiliklerinden ybarat bolan toplum bolup, islendik jaýyň enjamlarynyň, infrastruktura ulgamynyň işini awtomatlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek, uzak aralykdan dolandyrmak üçin niýetlenen.

Akylly öý ulgamy öz ulanyjysyna internet ulgamyndan peýdalanyp uzak aralykdan öýdäki elektrik enjamlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Eger ulanyjy öýüň içinde bolan ýagdaýynda onda bu ulgam “offline” ýagdaýda işläp başlaýar, ýagny ulanyja internet toruna birikmek gerek däl. Şonuň esasynda ulanyjy internet üçin harajatlaryny hem tygşytlap bilýär.

Ulgamy iş ýagdaýyna getirmek üçin öz mobil telefonymyzda programma üpjünçiligini işe göýberýäris we buýruk düwmesine basyp gerekli buýrugymyzy aýdýarys. Biz buýruklarymyzy ses buýruklary arkaly hem dolandyryp bileris.

Abadan TÄÇGULYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
 informatika institutynyň mugallymy.

Şeýle-de okaň:
Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşigindäki üstünligi
Türkmenistandan Owganystana çenli halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy we üstaşyr akymy işe girizildi
Programmirleme dilleri
“Web ýaryşy – 2020” atly bäsleşigi
“EBA” dünýäde iň köp ulanylýan bilim saýty boldy.
Hyýaly hakykat 3D taslamasyny döredýärler
TTII-niň Ýaş alymlar geňeşi mio-protez taslamanyň üstünde işleýär
IT ýokary okuw jaýynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşi
“Sanly IT” ykdysady jemgyýeti döredildi
Aşgabatda ilkinji içerki IT platformasyny açmak meýilleşdirilýär
KUWWAT ABRAÝEW – BILIM DÜNÝÄSINIŇ ÝAŞ PARLAK ÝYLDYZY
Aşgabatda ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi
Ösüşiň täze trendleriniň bilim ulgamyndaky orny


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok