Pars döwletinden aňyrysyny alyp gaýdýan gadymdan belli miweleriň biri nar miwesidir. Olar köpnesilliligi, saglygy we uzak ýaşlylygy aňladýar. Nary iki bölenimizde içinde 600 golaý şireli dänesini görse bolar. Şireli içgileriň içinde giňden ýaýranlaryň biri hem nar şiresi hasaplanylýar, emma naryň özüni iýseň has hem peýdalydyr. Sebäbi nar şiresinde adam organizmine gerek bolan gymmatly antioksidantlar we artykmaç fruktozasyz kletçatkalar adam bedenine düşýär. Bir bulgur nar dänesinde 7gr. kletçatka, 3gr. beloklar we 30% gündelik gerekli bolan C witaminine, 36% gündelik gerekli bolan K witaminine,16% gündelik gerekli bolan foliý kislotasynabaýdyr.
Antioksidantlar naryň iň bir esasy bejeriji serişdeleriň biridir. Şeýle hem narB witaminler toparyna degişli bolan kletçatka, fosfor, marganes, mise baýdyr.
Alymlar 10 dürli görnüşli polifenola baý bolan şireleri deňeşdirip görüpdirler. Ähli synaglardan geçen şireleriň içinde nar şiresi 20% beýleki antioksidantlara baý bolan üzüm, çernika şiresinden öňe geçenligini görüpdirler. Nar şiresi dürli görnüşli antioksidantlara baýdyr. Nar üç görnüşli polifenol antioksidanty, ellagon kislotasyny, antosian aşgarlaýjy maddasyny saklaýar. Naryň bejeriş usullary 105 görnüşli kesellerde öwrenildi. Nar arkaly 39 görnüşli keseli bejerip bolýandygy alylmar tarapyndan anyklanyldy.
Ýürek kesellerini bejermekdenar şiresini syçanlarda tejribe geçirip görenlerinde ateroskleroz keseliň 30% azaldylmagyny görüpdirler. Bir ýylyň dowamyndanar şiresini içen ateroskleroz keselli adamlardauky damarlardaky gan lagtalanmasy 30% azalanlygyny gördüler. Naryň düzümindäki antioksidantlar ýürek kesellerini bejermekde ulanylýar we ganyň sistoliki basyşyny peseldýär.
Rak keseliň öňuni almakdahemnaryň antioksidant işjeňligi dürli rak öýjükleriniň apoptozasyna ýardam berýär.Synaglaryň birinde nar ekstraktynyňgöwüş mäzlerindäki rak öýjükleriniöldürip bilýändigini gördüler. Käbir ýagdaýlarda nar ekstraktygan basyşynyň we çişiň öňüni alyp bilýär.
Nurumowa INDIRA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler