29-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow Döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda halkymyzyň saglygyny goramaga hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny düzümleýin döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagy ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da pugtalandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, şypahana edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, tebigy bejeriş serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga, ýurdumyzda we halkara bazarynda şypahana hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak babatda şypahana ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Diýarymyzyň amatly howa hem-de dürli tebigy şertleri bu ugurda uly kuwwata eýe bolan Türkmenistany halkara derejesindäki şypahana merkezine öwürmäge mümkinçilik berýär.
Ilata edilýän bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzyň öňden bäri işläp gelýän şypahanalarynyň durky täzelenilýär. Olar özleriniň melhemlik häsiýetleri bilen tutuş dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda olarda dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň netijeli usullary üstünlikli ulanylýar.
Şunuň bilen birlikde, bejeriş hem-de melhemlik mümkinçiliklerine eýe bolan täze şypahanalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde gurulýan şypahana bar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana düzümini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere şypahanalaryň işine we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ogulşirin HAÝDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Teswirler