“WhatsApp” ulanyjylaryna “hemişelik sessiz söhbet” aýratynlygyny tanyşdyrdy.

Dünýäniň iň meşhur habarlaşma programmasy bolan WhatsApp, şu aýyň başynda beta ulanyjylary üçin ähli iOS, Android we Web platformalaryna niýetlenen “sessiz söhbet” aýratynlygyny çykardy. “WhatsApp” bu aýratynlygy çykarmak üç hepde töweregi synag etdi.

Öňki aýratynlykda, “WhatsApp” toparyny sessiz görnüşe getirmek islän wagtyňyzda 8 sagat, 1 hepde we 1 ýyl ýaly saýlama mümkinçiligi bardy.  “WhatsApp” tarapyndan neşir edilen täzelenme bilen 1 ýyllyk opsiýa ortadan aýryldy we ýerine “hemişelik” opsiýasy goşuldy. Bu opsiýa arkaly ulanyjylar söhbetdeşlikleri hemişelik sessiz görnüşe getirip bilerler we bu diňe ulanyjy yzyna dolanýança öňküligine galar.

Islendik söhbetdeşligi sessizleşdirmegiň iki usuly bar.  Birinji usulda, WhatsApp esasy ekranynda sessizleşdirmek isleýän söhbete barmagy tutmaly, soňra ýokarky sag tarapdaky “sessiz” nyşanyna basmaly we näçe wagtlap sessizlige salmakçylygyny saýlamaly we tassyklamaly.Ikinji usulda, sessizlikden çykarmak isleýän söhbetdeşimizi açanymyzdan soň, ilki sag tarapda ýerleşýän opsiýalary (üç nokat) nyşanyna, soňra bolsa “sessiz habarnamalar” opsiýasyna basmaly.  Açylýan açylýan ekranda, söhbetdeşligi näçeräk sessizleşdirjekdigimizi we “ok” düwmesine basyp tassyklamaly.

Häzirki wagtda “WhatsApp” programmasynyň 2.20.201.9 ýa-da 2.20.201.10 wersiýalarynda görünmeýän bu aýratynlyk ýakyn günlerde ulanyjylara hödürlener diýip pikir edilýär.

Sülgün GARAJAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok