Aşgabatda tölegli esasda işleýän täze bilim ojagy açylar

Aşgabat-da Bilim we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1 – nji sentýabrda täze, ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdep ulanylmaga beriler.

Täze ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi birnäçe okuw sapaklary rus we iňlis dillerinde alnyp barylar. Bu barada Turkmenportal saýty habar berýär.

Daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda informasiýon tehnologiýa ugurlary boýunça has giňişleýin sapaklar geçiler.

Mundan başga-da mekdepde sportyň dürli görnüşleri bilen meşgulanmak üçin mümkinçilikler döredilen.

Mekdep tölegli esasda bilim hyzmatlaryny berer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok