ABŞ-ly Robert Prewo täze Papa saýlandy

Watikandaky papalyk saýlawynda 69 ýaşyndaky ABŞ-ly Robert Frensis Prewo täze papa hökmünde saýlandy we “Papa Leo XIV” adyny alandygy yglan edildi.

Katolikleriň soňky ruhy lideri we Watikan döwletiniň baştutany Papa Fransiskiň 21-nji aprelde aradan çykmagyndan soň, wezipäniň boşadylandygy yglan edilen Watikanda, ruhany toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda ses berişlik geçirildi we täze papa kesgitlenildi.

Täze saýlanylan papa 69 ýaşynda bolup, ol “Papa Leo XIV” adyny aldy. Ol 1955-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Illinois ştatynyň Çikago şäherinde dünýä indi. Peruda uzak ýyllar hyzmat eden we Perunyň raýatlygyny hem alan Robert Prewo, 1982-nji ýylda ruhanylyk wezipesine bellenildi.

Prewo Amerikanyň yklymyndan saýlanan ikinji, ABŞ-dan ilkinji papa hökmünde taryha geçdi. Ol garyplara bolan çemeleşmesi we migrant syýasatlary boýunça Papa Fransisk bilen meňzeş garaýyşlara eýe hasaplanylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok