2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan “Asuda asman üçin” atly döredijilik we ýatlama duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiň kiçi mejlisler zalynda geçirildi. Çärä partiýanyň agzalary we hormatly myhmanlar gatnaşdy. Ýatlama duşuşygy döredijilik çykyşlary, watançylyk ruhundaky çykyşlar bilen utgaşyp, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Maslahaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy Yhlas Ymamgulyýew alyp bardy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Şaberdi Amansaparow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Weteranlar geňeşiniň agzalary Begenç Öwliýagulyýew we Jumaguly Suhanow, Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Sähetmyrat Akmyradow dagylar çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Teswirler