Kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky iň täze ösüşleriň arasynda emeli intellektiň (AI) orny barha artýar. “KnowBe4” kompaniýasynyň 2025-nji ýyl üçin kiberhowpsuzlyk boýunça çaklamalaryna laýyklykda, emeli intellekt häzirki wagtda diňe bir gorag usuly hökmünde däl, eýsem potensial howp hökmünde hem kabul edilýär.
Emeli intellekt esasynda işlenýän täze algoritmler, kiberhüjümleriň has kämil, tiz we kyn anyklanylýan görnüşlerde amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, AI tehnologiýasy kiberhowpsuzlygyň täzeden gurluşdyrylmagyna-da ýol açýar. Meselem, AI ulgamlar arkaly ulanyjylaryň kadaly hereketlerini öwrenmek we nädogrylyklary öňünden anyklamak mümkin bolýar.
“KnowBe4” kompaniýasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, emeli intellekt arkaly edilen hüjümler soňky ýyllarda has giň gerime eýe boldy. Hüjümçiler AI-ni ulanyp, hakyky sesler we wideo görnüşleri bilen aldawly maglumatlary döredýärler. Munuň netijesinde kompaniýalaryň we şahsyýetleriň maglumat howpsuzlygyna howp abanýar.
Şeýle hem, emeli intellektiň ösdürilmegi bilen, “phishing” hüjümleriniň hem täze görnüşleri peýda bolýar. Bu hüjümler, AI tarapyndan döredilen ylmy taýdan takyk we ynandyryjy maglumatlar arkaly, ulanyjylary bikanun maglumat paýlaşmaga mejbur edýär.
Kiberhowpsuzlyk boýunça halkara derejede geçirilen forumlarda emeli intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gorag ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygy nygtalýar. Şol bir wagtda, bu tehnologiýanyň çäginden çykýan barlygy we oňa gözegçilik etmegiň çylşyrymlylygy hem uly alada döredýär.
Begenç ALLAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler