Stambulda 6,2 ballyk güýçli ýer titremesi boldy

Şu gün Türkiýäniň Stambul şäherinde sagat 12:49-da 6,2 balllyk ýer titremesi boldy. 13 sekunt dowam eden ýer titremeden soň birnäçe yza gaýdan (aftershock) sarsgynlar hem ýüze çykdy. Şeýle hem sagat 15:13 töwereklerinde ikinji gezek has güýçli ýer yranma hasaba alyndy.

Türkiýäniň Içeri işler ministri, jemi 127 sany yza gaýdan ýer titreme sarsgynynyň bolandygyny belläp, käbir zeper ýeten binalardan adamlary boşatmak kararyna gelnendigini belledi.

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň (AFAD)maglumatyna görä, ýer titremäniň merkezi Marmara deňziniň Siliwri etrabynyň çägi bolup, ýer titreme ýerden 6,99 kilometr çuňlukda döräpdir. Bu güýçli ýer titremesi diňe bir Stambulda däl, eýsem töweregindäki welaýatlarda hem güýçli duýlupdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok