Rim Papasy aradan çykdy

Katolikleriň ruhy lideri we Watikanyň döwlet baştutany Rim papasy Fransisk şu gün irden sagat 07:35-de aradan çykdy.

Rim papasy 2023-nji ýyldan bäri saglyk meseleleri sebäpli yzygiderli bejergi alýardy. Rim keselhanasy oňa öýken pnewmoniýasy kesel kesgidini goýupdy. Birnäçe wagt bejergi alan ruhany lideri şu gün 88 ýaşynda aradan çykdy.

Rim papasy Fransisk ölmezinden öň özi üçin ýönekeýje jaýlanyş çäresiniň guralmagyny we Watikanyň daşynda jaýlanmak isleýändigini sargyt edipdi.

Rim papasy Fransiskiň aradan çykmagy bilen täze papanyň saýlanmagy adaty tanyşlyk prosesi bilen dowam etdiriler. Dünýäniň dürli künjeklerinden ýörite wekiller täze saýlanyljak papa ses bermek üçin Watikan şäherine ýygnanarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok