Arkadag şäheri halkara derejesinde ekologiýa taýdan arassa şäher hökmünde ykrar edildi. Bu hormatly derejä Hytaýyň Hançžou Dýanszi uniwersiteti tarapyndan gowşurylan Üstünlik güwänamasy bilen tassyklanyldy. Güwänamanyň gowşurylyş dabarasy ýokary derejede geçirilip, oňa şäher ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy.
Arkadag şäheri häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini we innowasiýa çözgütlerini özünde jemläp, ekologiýa taýdan arassa şäher hökmünde tapawutlanýar. Şäheriň gurluşygynda iň täze tehnologiýalar, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary we sanly dolandyryş mehanizmleri ornaşdyrylyp, amatly we döwrebap ýaşaýyş şertleri döredildi. Munuň özi şäheriň halkara derejesinde ýokary baha mynasyp bolmagyna ýardam berdi.
Şeýle-de, Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary ulanylyp, tebigaty goramak we ilatyň saglygyny üpjün etmek maksady bilen howanyň hapalanmagynyň öňüni alýan innowasion çözgütler ornaşdyryldy.
Güwänama gowşurylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassalygyny we ýaşyl ösüşe bolan ygrarlylygyny belläp geçdiler. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçene bu şäheriň innowasion ösüşiniň hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawy üpjün etmekde öňdäki hatarda durýandygyny nygtady. Şeýle hem ol Hytaýyň şäher gurluşygy we sanly dolandyryş ulgamyndaky tejribeleriniň Arkadag şäheriniň ösüşine goşant goşup biljekdigini aýtdy.
Dabara çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň eýwanynda Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärligine, ekologik taslamalaryna we sanly dolandyryş ulgamyna bagyşlanan sergi gurnaldy. Onda şäheriň halkara güwänamalary, ekologik çözgütleri we sanly tehnologiýalary bilen baglanyşykly maglumatlar bilen tanyşdyryldy.
Ekologik deňagramlylygy saklamak we şäheriň geljekde has-da ösüş gazanmagyny üpjün etmek maksady bilen, Arkadag şäherinde birnäçe strategiki taslamalar durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, howanyň hilini gowulandyrmak, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary giňden ornaşdyrmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar.
Ylýas Hojaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler