Ynha, ýene-de türkmeniň hikmetden doly tebigatyny, bereketli topragyny lälezarlyga, gül reýhanlyga bezäp, güneşli Diýarymyza goýny joşgunly, mübärek gadamly bahar — ýakymly, ýalkymly, guba-gazly ýaz pasly geldi.
Nämüçindir islendik türkmen üçin «ýaz» diýlende, nesillere miras goýan goşgulary, şahyrana eserleri bilen il içinde «ýazyň-güýzüň eziz ogly» adyny alan Gurbannazar Ezizowyň türkmen ýigitlerine mahsus asylly, mylakatly, agras keşbi göz öňüne gelýär. Şonda şahyryň aýdyma öwrülen setirleri gulagyňda ýaňlanýar:
«Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym.
Edepli-ekramly, gunduz goşarly,
Bäs edişiň gyzlar bilen, ýazlarym…».
Hawa, şahyryň özi hem baharyň ilkinji güni türkmeniň sahawatly ýazyny buşlap dünýä inipdir. Megerem, şonda türkmen tebigaty hem goşgularynda özüniň waspyny ýetirjek şahyr oglunyň dünýä inenine begenen bolsa gerek. Çünki Gurbannazar Ezizowyň eserlerinde tebigata bolan söýgi, ene topraga bolan mähremlik bar. Ol ömrüniň örki bolan ene topragy özüniň on iki süňňüne deňeýär.
Bahar kalplaryň ylham çeşmesi, gyşda uka giden tebigatyň gaýtadan oýanmagy. Şonuň üçin pasyllaryň naýbaşysy bolan baharyň gelmegi bilen, biziň her birimiziň şahsy durmuşymyzda täze sahypa açylýar, ýaşaýşa bolan söýgimiz, nurana geljege bolan ynamymyz artýar.
Ömre lezzet berýän, bahar paslyny uzaldyp biljek ýeke-täk duýgy bolsa söýgi. Her paslyň, her aýyň, her günüň, sagadyň we minutlaryň gadyryny bilmek, olara söýgi bilen garamak, söýüp ýaşamak, çar ýanyňa söýgi bilen seredip, töwerek-daşyňy söýgi bilen gurşamak kalbyňy bahara-ýaza öwürýär. Ýazyň lezzetini duýmagyň üçin bolsa kalbyň bahar-ýazdan bolmagy gerek. Goý, her bir kalpda ýaz pasly höküm sürsün!
Sonagül ATAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
Teswirler