Heňňamlaryň soňlanmajak bakylyk aýdymy

Rowaçlyklara beslenen bagtyýar döwürde ýurdumyzda medeniýet ulgamy uly özgerişlikler bilen şöhratlanýar. Asly şahandazlyga ýugrulan halkymyzyň köňül kelamyny, ruhy dünýäsini açyp görkezmekde, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne ýaýmakda giň şertler döredildi. Dünýä halklary bilen medeni ugurda alnyp barylýan gatnaşyklaryň netijesinde milli sungatymyzyň dünýä ýüzünde aýlanmagy, asyrlaryň dowamynda sünnälenip gelen gymmatlyklarymyza täze röwüşi bagyş edýär. Şöhratly taryhymyzyň şanyna şan goşan gadymy hem taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, türkmeniň «Görogly» şadessanynyň, Küştdepdi milli aýdym we tans sungatynyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň», türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tutuş dünýä ýüzünde milli mirasymyza bolan hormatyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Tutuş süňňi millilige eýlenen halkymyzyň geçen durmuş we taryhy ýoly barada milli mirasymyz, medeniýetimiz hem sungatyň doly gürrüň berýär. Bu gymmatlyklar türkmen halkynyň döreden ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegidir, türkmeniň iň gadymy halklaryň biridigini subut edýän görkezijidir, ynsanda gözelligi, ruhubelentligi, kalplarda joşguny döredýän gaýtalanmajak sungat eseridir. Onuň düýp özeninde bolsa barha özgerýän ajaýyp zamanamyz, halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşy, medeni ugurda dünýä sary uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz durandyr. Asyrlar içre ýaşap gelýän milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, ruhy baýlyklarymyzy dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ösüş-özgerişlikleriň, zähmet ýeňişleriniň ýyllardan-ýyllara dowam boljakdygyna, toýlaryň toýlara ulaşjakdygyna her birimiz ýürekden ynanýarys!

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok