Türkiýä nobatdaky ynsanperwerlik kömegi iberildi!

Mälim bolşy ýaly 6-njy fewralda Türkiýede örän pajygaly ýertitremesi boldy. Beýleki döwletler bilen bir hatarda Türkmenistan hem doganlyk halka ynsanperwer kömegini we 10 sany lukmandan ybarat topary iberdi.

Türkmenistan Türkiýedäki «asyryň betbagtçylygy» diýlip atlandyrylýan ýertitremede ejir çekenlere üçünji ynsanperwer kömegini iberdi. Bu barada, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral «Twitter» sahypasynda belläp geçdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok