“Kerwen” marketplace mümkinçiliklerini giňeldýär

Ykdysadyýetiň ösüş aýratynlygyny döwrebaplaşdyrmak mümkingadar sanlaşdyrmak bilen alnyp barylmagy diňe bir sebitde däl, eýsem dünýä ykdysady bazarynda – da öz ornuny tapýar. Telekeçiligiň üstünlikli gadamlaryny sanlaşdyrmak, ony ösüş aýratynlygy bilen mahabatlandyrmak bu günki gün döwrebap mahabat ulgamynyň hem ösüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Ýakynda açylan “Kerwen” platformasy munuň mysaly bolup biler. “Kerwen” platformasy döwrebap ykdysady bazaryň sanly ulgamdaky röwüşini özünde jemlemek bilen şu günler ýurdumyzda mümkinçiligini giňeldýär.

Dünýä bazaryna çykýan “Kerwen” tory ýurdumyzyň we dünýäniň telekeçilik ulgamyndaky döwrebap işewürleriň sanly penjiresidir.

Amanakow Annameret
TDBGI-niň Ykdysadyýet we Dolandyryş fakultetiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok