Toshiba şereketi üçe bölünýär

Düýbi Ýaponiýada ýerleşýän “Toshiba” tehnologiýa kompaniýasy has ünsi çekýän gurluşy döretmek üçin bölümiň jikme-jikliklerini yglan etdi.  Kompaniýanyň beren beýanynda 2024-nji ýylyň martyna çenli üçe bölmek meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

“Toshiba” soňky 7 ýylda birnäçe gezek içerki krizisi başdan geçirdi.  Kompaniýanyň bölünjek üç bölüminiň biriniň infrastruktura hyzmatlaryna, beýlekisiniň bolsa elektrik ýarymgeçirijileri ýaly elektron enjamlaryna gönükdiriljekdigi nygtaldy. Bu kararyň käbir uly paýdarlar tarapyndan doly kanagatlandyryp bilmejekdigi bellenildi.

“Toshiba” şereketi –  ýokary tehnologiýaly, maglumat we aragatnaşyk ulgamlaryndan, sanly sarp ediş önümlerinden, elektron enjamlaryndan we böleklerinden we elektrik ulgamlaryndan başlap, senagat we sosial infrastruktura ulgamlaryna we öýe çenli öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly, öňdebaryjy we innowasiýa kompaniýasydyr. Kompaniýanyň esasy merkezi Germaniýanyň Düsseldorf şäherinde ýerleşýär. Şereket 50 ýyldan gowrak wagt bäri esasy IT we sarp ediji elektronika markalary tarapyndan ulanylýan maglumatlary saklamak çözgütlerini işläp düzýär we öndürýär.

Atamyrat ÝAGŞYMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok